Meşhur şahyr Aşyk Erkin (Oşik Erkin) 86 ýaşynda dünýäsini täzeledi. Bu barada Özbegistanyň ýazyjylar birleşigi habar berýär.
Özbegistanyň ýazyjylar birleşiginiň agzasy, Özbegistanyň hem-de Garagalpagystanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Erkin Madrahimow 1936-njy ýylyň 7-nji maýynda Hywada dogulýar. Daşkent milli uniwersitetiniň žurnalistika hünärini tamamlaýar. Ol 1959-nji ýylda «Merkezi Aziýa uniwersiteti» gazetiniň jogapkär kätibi bolýar. Iki ýyldan soňra “Özbegistan owazy” gäzetine işe geçýär. 1986−2010-njy ýyllar aralygynda Žurnalistler birleşiginiň Horezm welaýaty bölüminiň jogapkär kätibi bolýar.
Onuň 30-a golaý edebi hem-de publisistik kitaplary neşir edildi. Olardan «Ykbal», «Ýalanyň ömri gysga», «Polat we onuň atasy», «Tyllaguş», «Azym derýa» ýaly goşgular ýygyndylary okyjylaryň söýüp okaýan kitaplarynyň hatarynda orun almagy başardy.