25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunda demir ýollaryň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Taryhyň dowamynda döwletleri baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesi ulanylmalydyr. Hormatly Arkadagymyz bu künjekde, has takygy, Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň şu günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, gurulmagy meýilleşdirilýän demir ýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli şertleriň döredilmegi zerurdyr. Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylyş derejesine aýratyn üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demir ýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.