Ýaşy 65-den geçen adamlaryň sany öňdäki üç onýyllykda iki esse köpeler hem-de 2050-nji ýylda 1,6 milliard adama ýeter diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň nutugynda habar berilýär.
Maglumatda Aziýa yklymynyň bu ugurda öňde barýandygy bellenilýär. Şeýlelikde, 2050-nji ýyla çenli Gonkongyň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň ilatynyň 40%-ine golaýynyň 65 ýaş we ondan ýokary boljakdygy bellenilýär. BMG-niň nutugynda şeýle-de Italiýada bu görkezijiniň 37,1, Ispaniýada 36,6, Gresiýada 34,5 we Portugaliýada 34,3%-e deň boljakdygy çaklanylýar.
Soňky onýyllykda Aziýanyň ykdysadyýetiniň ösüş gazanýandygyny göz öňünde tutsaň, bu ýurtlarda ömrüň dowamlylygynyň artjakdygy bellenilýär. Muňa şeýle-de saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterlilik, arassaçylyk, bilim we açlyga garşy göreş hem oňyn täsir edýär.
BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde ömrüň dowamlylygy 1950-nji ýylda 46,5 ýaş bolanlygyndan 2022-nji ýylda 71,7 ýaşa çenli uzaldy. Bu görkeziji 2050-nji ýylda 77,3 ýaşa çenli ösüş görkezer. Ömrüň dowamlylygynyň iň ýokary ösüşi Aziýada hasaba alynýar. Bu ýerde ol 1050-2000-nji ýyllar aralygynda 25 ýaş artypdyr.
2050-nji ýyla çenli Aziýanyň Günbatar ýurtlarynyň yzyndan ýetjekdigi çaklanyp, onuň ortaça ömür dowamlylygy takmynan 80 ýyla ýeter. Afrika welin, bu görkeziji babatda 2050-nji ýyla çenli beýleki dünýäden yza galýan ýeke-täk sebit bolar diýlip, çak edilýär.