26-27-nji fewralda Nigeriýada geçirilen prezident saýlawlarynda häkimiýet başyndaky “Ähli progressiw güýçler” partiýasynyň dalaşgäri Bola Tinubu ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Milli saýlaw topary mälim etdi.
Garaşsyz Milli saýlaw toparynyň başlygy Mahmud Ýakubynyň sözlerine görä, Bola Tinubu 8,79 milliondan gowrak sese eýe boldy. 70 ýaşly saýlanan prezident özüniň iň ýakyn bäsdeşi, Halk-Demokratik partiýasynyň dalaşgäri, öňki wise-prezident Atiku Abubakardan öňe saýlandy.
A.Abubakar 6,98 milliondan gowrak sese eýe boldy, onuň yz ýanyndan, takmynan, 6,1 million ses bilen Işçiler partiýasynyň dalaşgäri Piter Obi gelýär.