Amerikan we ýapon astronomlary Rýugu asteroidinden alnan nusgalyklary jikme-jik öwrendiler. Ýaponiýanyň Kosmos agentliginiň “Hayabusa 2” kosmos gämisi arkaly Ýere getirilen daş bölejiklerinde organiki molekulalaryň bardygy anyklandy. Molekulalar düzüminde jandarlarda himiki täsirleşmeleri sazlamak, saç we damar ýaly gurluşlary emele getirmek üçin zerur bolan proteinleriň öndürilmeginde ulanylýan dürli aminokislotalary saklaýar.
Ýaponiýanyň Kýuşu uniwersitetiniň ylmy işgäri Hiroşi Naraoka täze tapyndylaryň Rýugunyň ýüzündäki bölejikleriň organik molekulalary goramak mümkinçiligine eýedigini görkezýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu molekulalar urgy sebäpli asteroidiň ýokarky gatlagynda kosmos giňişligine pytrap biler we planetalaryň arasynda tozan bölejikleri hökmünde ýaýrap biler.
“Hayabusa 2” atly agramy 600 kilograma barabar bolan enjam 2014-nji ýylyň ahyrynda uçuryldy. 2018-nji ýylyň 27-nji iýunynda Ýerden 347 million kilometr uzakdaky “162173 Ryugu” atly asman jisimine gondy. Enjam asteroidden toprak nusgalaryny ýygnap, 2019-njy ýylda yzyna gaýtdy. 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa Ýere gaýdyp geldi. 2021-nji ýylda öwrenilip başlanan asman jisiminiň bölejikleri baradaky täze maglumatlar “Science” žurnalynda çap edildi. Ylmy makalada asman jisimindäki organik materiallaryň Gün ulgamyndan hem ozal emele gelendigi bellenilýär. Astronomlar Gün ulgamynyň 4,5 milliard ýyl ozal emele gelendigini çaklaýarlar.
Dürsoltan Serdarowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.