Robot tehnologiýasynyň ösüşi

694

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň adam­zat dur­mu­şyn­da äh­li pu­dak­lar­da do­ly or­na­şyp bar­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. hä­zir­ki wagt­da aw­to­ma­laş­dy­ry­lan en­jam­lar ma­şyn-gur­lu­şyk, elekr­ton en­jam­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi, awia­si­ýa ýa­ly ugur­lar­da giň­den ula­nyl­ýar. Öz­le­ri­ne “tab­şy­ry­lan” işi bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän se­na­gat ro­bot­la­ry adam ýa­ly dynç al­ma­ga-da ze­rur­lyk duý­ma­ýar. Bu bol­sa, ada­myň fi­zi­ki zäh­me­ti­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge, önüm­çi­li­giň dep­gi­ni­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bar­ha kä­mil­leş­ýän bu ro­bot­la­ry di­ňe önüm­çi­lik­de ýa-da se­na­gat­da däl, eý­sem, hat­da kä­bir luk­man­çy­lyk ope­ra­si­ýa­la­ry hem ro­bot­la­ra yna­nyl­ýar. Ro­bot­la­ra ada­myň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi has çyl­şy­rym­ly we howp­ly iş­ler hem yna­nyl­ýar. Ro­bot­la­ryň se­na­gat­da we elekt­ro­teh­ni­ka­da ula­nyl­ma­gy bol­sa önü­miň ha­ra­ja­dy­ny tyg­şyt­la­ýar we ada­myň zäh­me­ti­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär. Bu işi ýe­ri­ne dürs ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin bol­sa, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ma­şyn­lar ýa-da ro­bot­lar ta­la­ba­la­ýyk prog­ram­mir­le­nen bol­ma­ly­dyr. Şol se­bäp­li gel­jek­de ro­bot teh­ni­ka­sy bi­len bir ha­tar­da prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ugur­la­ryn­da zäh­met çek­ýän hü­när­me­niň iň ar­zy­ly kär bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ro­bot­la­ry we ola­ra de­giş­li prog­ram­ma­la­ry dö­ret­jek hü­när­men­ler has ir­ki ýaş­lar­dan taý­ýar­la­nyp baş­la­nyl­ýar. Eý­ýäm mek­dep ýyl­la­ryn­dan baş­lap, ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy we oňa de­giş­li prog­ram­ma­lar öw­re­dil­ýär. Bu ders­ler ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň ösen usul­la­ry ula­ny­lyp, ýö­ne­keý­den-çyl­şy­rym­la yzy­gi­der­li­lik­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Aman­ny­ýaz Al­la­ýa­row, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.