Warşawada (Polşa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy Hakberdi Jumaýew bürünç medala mynasyp boldy.
Iki gün dowam eden ýaryşa 43 ýurtdan 429 türgen (248 erkek we 181 zenan) gatnaşdy, olar erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 7 agram derejesinde 14 medal ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň toparyndan 13 dzýudoçy (9 erkek we 4 zenan) çykyş etdi.
Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agramda bürünç medal gazandy, bu toparda 16 ýurtdan 38 dzýudoçy medallar ugrunda bäsleşdiler. 23 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby hormat münberine çenli tutluşyklaryň dördüsinde ýeňiş gazandy.
Ilkinji tutluşykda ildeşimiz eýýäm 9-njy sekuntda Mutaz Hawjandan (Saud Arabystany) üstün çykdy. Soňra «wasari» bilen Bart Welingi (Gollandiýa) ýeňdi. Çärýek finalda Hakberdi 1,5 minutda Nurdaulet Amankossowy (Gazagystan) utdy.
H.Jumaýew finala çykmak ugrundaky göreşde iki «wasari» sebäpli Žan Enzodan (Fransiýa) ýeňildi we 3-nji orun ugrundaky tutluşykda ukrainaly Nazar Wiskowy ýeňdi. Ýene bir bürünç medaly ildeşi Nurdaulet Amankossowdan üstün çykyp, 3-nji orny eýelän Şerzod Dawlatow (Gazagystan) gazandy. 60 kilograma çenli agram derejesinde Warşawada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 20 ýaşly fransuz Romen Waladýe Pikar finalda ildeşi Žan Enzodan rüstem gelip, ýeňiş gazandy.
Hakberdi Jumaýew Türkmenabatda ilkinji tälimçisi Rejepbaý Aşyrowdan dzýudo tälimini alypdy. Häzirki wagtda ol milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär.