Myhmançylykda ýeňiş gazanyp (2-0), çärýek finalyň bosagasyndan uly ädim äden “Benfika” topary öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” Portugaliýada has hem uly hasap bilen ýeňdi. 5-1 hasabynda ýeňiş gazanan lissabonlylaryň gollaryny Rafa Silwa (38), Gonzalo Ramoş (45+2, 57), Žoao Mario (71 p) hem-de Dawid Neres (77) geçirdi. “Klub Brýuggeniň” adyndanam 87-nji minutda Býorn Meiýer tapawutlandy. Şeýlelikde, “Benfika” topary 17-nji gezek (UEFA Çempionlar Ligasy adyny alanyndan bäri) gatnaşýan ýaryşynda bassyr 2-nji, umumylykda 6-njy gezek çärýek finala çykdy. “Benfika” topary şu möwsümde UEFA Çempionlar Ligasynyň çäginde geçiren 12 duşuşygynda-da ýeňilmezden çärýek finalçy boldy. Topar toparçadan öň 3-nji saýlama tapgyrynda “Midtýullandy” (4-1, 3-1), pleý-off tapgyrynda-da “Dinamo Kiýewi” (2-0, 3-0) ýeňipdi. Toparçada-da “Ýuwentusdyr” (4-3, 2-1) PSŽ (1-1, 1-1) ýaly uly klublardan hem-de “Makkabi Haýfadan” (2-0, 6-1) öňe saýlanan “Benfika” 1/8 finalda-da “Klub Brýuggeni” 2 ýerde hem ýeňlişe sezewar etdi. “Benfika diňe PSŽ bilen geçiren duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp bilmedi.