Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Geljege Miras» hususy kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini başlady we önümiň ilkinji tapgyrlaryny daşary ýurtlara iberdi.

2022-nji ýylda «GM OIL» haryt nyşanly önümleriniň önümçiligine başlan kärhana mineral ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýar. Ýarym sintetik we doly sintetik ýaglary öndürmek üçin binýatlyk ýaglary bolsa, daşary ýurtdan getirýärler.

Kärhananyň kuwwaty sagatda 5 tonna barabardyr. Gyşky, tomusky we uniwersal ýarym sintetik we doly sintetik motor ýaglary öndürilýär. Jemi 10-dan gowrak önüm ady bar. Geljekde has ýokary häsiýetnamasy bolan motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýärler.