Kagyz galyndylaryny gaýtadan işläp, karton önümçiligini alyp barýan “Toprak” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde täze önümiň – A4 ölçegdäki ofis kagyzlarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýärler.
Kompaniýa importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, olaryň içerki bazardan artan möçberini eksport etmek boýunça üstünlikler gazanýar. Şu ýylyň başynda hojalyk jemgyýetiniň önümleri Özbegistana we Azerbaýjana eksport edildi.
“Toprak” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda karton we gaplama önümlerini öndürýän, Ak bugdaý etrabynyň Owadandepe şäherçesinde kagyz galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanalaryny we Mary şäherindäki kagyz ýygnama merkezini öz içine alýar. Olarda ýokary tehnologiýalar esasynda dürli şekilli karton gutular, gaplama önümleri öndürilýär. Hytaýyň enjamlary ornaşdyrylan kärhanada her aýda 250-300 tonna golaý kagyz galyndylary gaýtadan işlenilýär. Hojalyk jemgyýeti dokma önümçiliginde ulanylýan kagyz tegekleriniň (dükje) önümçiligini hem ýola goýdy. “Toprak” kompaniýasynyň öndürýän önümleri “NowaEco” haryt nyşany bilen ulanyjylara ýetirilýär. Bu barada tstb.gov.tm web saýty habar berýär