Ysraýyl bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar. Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahu Rime sapary wagtynda kärdeşi Jorja Meloni bilen gepleşik geçirdi. Duşuşykdan soň Netanýahu öz ýurdunyň Italiýa arkaly Ýewropa tebigy gaz üpjünçiligini artdyrmak isleýändigini aýtdy. Netanýahu gepleşikleriň barşynda munuň üçin suwuklandyrylan tebigy gazy, Kiprde geçirip ýüklemek üçin infrastruktura döretmek maksada laýyk bolar diýip belledi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahu: – Gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygymyz barada durup geçsek,  siziň aýdyşyňyz ýaly, Italiýa Ýewropany energiýa üpjünçiligi merkezine öwürmegi maksat edinýär. Biz hem şeýle pikir edýäris. Bizde gaz ätiýaçlyklary bar. Biz häzir eksport edýäris we Italiýanyň üsti bilen Ýewropa has köp gaz eksport etmek isleýäris – diýdi.

Italiýa hökümetiniň başlygy bilen gepleşiklerden öň Netanýahu ykdysady ösüş ministri Adolfo Urso bilen duşuşdy. Ursa Rimiň Italiýany Ýewropanyň gaz merkezine öwürmek üçin ähli tagallalary edýändigine ynandyrdy.