Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Waşingtonda geçirilen gepleşiklerde ABŞ-nyň energiýa geçiş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Baýden we fon der Lýaýen Waşington bilen Brýusseliň batareýalary öndürmekde ulanylýan minerallar barada ylalaşyk baglaşmak isleýändigini habar berdiler.
-Meniň pikirimçe, bu meselede tagallalarymyzy birikdirmek biziň üçin möhümdir, sebäbi howanyň üýtgemegine garşy göreşde we global ýylylygyň çäklendirilmeginde geljegimiz üçin aýratyn ähmiýeti bar. Tagallalarymyzy birikdirmek, biri-birimizi doldurmak we iki tarapdan arassa tehnologiýalar pudagynyň ösüşini höweslendirmek biziň üçin möhümdir we şeýle bolmagynda galýar – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen belledi.