“Fitch” agentligi 2023-nji ýylda ählumumy ykdysady ösüşi 2,0% diýip çaklaýar. Bu agentlik dekabr aýynda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini 1,4 göterim diýip çaklapdy.
2023-nji ýylda global ösüşiň geljegi dekabr aýyndan bäri ep-esli gowulaşdy diýip, “Fitch Ratings” soňky “Global ykdysadyýetiň geljegi” atly hasabatynda belleýär. Şeýle-de bolsa, hümmetiň ýokarlanmagynyň hakyky ykdysadyýete etjek täsiriniň heniz öňdeligi, munuň üstümizdäki ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň ykdysadyýetinde çökgünlige sebäp bolup biljekdigi nygtalýar.
Hytaýyň 2023-nji ýyldaky ösüş çaklamasy dekabr aýynda 4,1% bolanlygyndan 5,2%-e, ýewro zolagynyň ösüşi 0,2% bolanlygyndan 0,8%-e, ABŞ-nyň ösüşi 0,2% bolanlygyndan 1,0%-e çenli ýokarlandy.
“Fitch Ratings Inc.” Esasan, reýting agentligi hökmünde tanalýan amerikan korporasiýasydyr. Şeýle-de “Standard & Poor’s” we “Moody’s” bilen bir hatarda “Uly üçlük” atly halkara reýting agentlikleriniň biridir.