“Boeing” ame­ri­kan kor­po­ra­si­ýa­sy Hin­dis­tan­da ýo­lag­çy uçar­la­ry­ny ýük uçar­la­ry­na öwür­mek bi­len meş­gul­lan­jak za­wo­dy gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş bo­ýun­ça mü­di­ri Mark Al­len ha­bar ber­di.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu kär­ha­na “Boeing”-iň Hin­dis­tan­dan 1 mil­liard dol­lar­lyk üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rer we bu ýur­duň ýük gat­naw­la­ry­nyň glo­bal mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Şeý­le-de bol­sa, Al­len des­ga­nyň ha­çan gu­rul­jak­dy­gy we ma­ýa go­ýu­myň möç­be­ri­niň nä­çe­räk bol­jak­dy­gy ba­ra­da jik­me-jik mag­lu­mat ber­me­di.
Agent­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, za­wo­dy dö­ret­mek baş­lan­gy­jy “Boeing”-iň Hin­dis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len peý­da bol­dy. Kom­pa­ni­ýa few­ral aýyn­da uça­ryň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry üçin lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mä­ge 24 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Mun­dan baş­ga-da “Air In­dia” awia­gat­na­dy­jy­sy “Boeing”-den we “Air­bus”-dan je­mi ba­ha­sy 100 mil­liard dol­lar­dan gow­rak bo­lan 500-e go­laý uçar sar­gyt et­di.