Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro 2024-nji ýylda saýlaw geçiriljekdigini mälim etdi. “Radio La Pizarra” atly internet radio gepleşiginde çykyş eden Prezident Maduro: “2024-nji ýylda prezident saýlawy geçiriler, halk ses berer we dalaşgärini saýlar. 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda indiki möhlet üçin Prezident kasam kabul eder. Parahatçylyk, demokratiýa we halkyň güýji bilen ýurdumyzyň geljegini kesgitlär” – diýip belledi.

Mundan ozal Huan Guaýdo bilen Enri Kapriles 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawyndan ozalky deslapky saýlawda dalaşgär boljakdyklaryny mälim edipdiler.