Belarus we Eýran iň ýokary netijelilik bilen hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykyp bilerler. Bu barada Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Tähranda geçirilen gepleşiklerde aýtdy.
-Häzirki geçirilen gepleşiklerden, hyzmatdaşlygymyzyň täze derejelerine ýetip biljekdigimize ynanýaryn. Bu hyzmatdaşlygyň esasy aýratynlygy onuň iň ýokary netijeliligi bolar. Munuň üçin eýýäm gazanylan şertnamalar maňa beýanat bermäge mümkinçilik berýär – diýip Lukaşaenko aýtdy.
Lukaşenkonyň pikiriçe, Belarus we Eýran hakykatdanam tagallalaryny birikdirse, biri-birine gaty peýdaly bolup biler.
Eýranyň Prezidenti Belarus-Eýran gatnaşyklarynyň hemişe ösýändigini aýtdy. – Şübhesiz, Eýrana eden saparyňyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösmegine çynlakaý itergi berer – diýip Raisi belledi.
Gepleşiklerden soň Lukaşenko we Raisi 2023-2026-njy ýyllar aralygy üçin ýurtlaryň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdiler. Ýol kartasy Belarus bilen Eýranyň arasynda syýasy, ykdysady, konsullyk, ylmy we tehniki ugurlarda, şeýle hem bilim, medeniýet, sungat, metbugat we syýahatçylyk ugurlarynda giňişleýin hyzmatdaşlygy üpjün edýär.
Tähranda döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Belarus bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli hereket meýilnamasyna gol çekildi, ösümlikleri goragy we karantin babatynda hyzmatdaşlyk barada hökümetara ylalaşyga we beýleki ylalaşyklara gol çekildi.