Çehiýaly Dawid Wenkl hiç hili guwwas eşigi bolmazdan, bir demde 52,1 metre çuňluga çümüp, rekord goýdy. Wenkl Şweýsariýadaky doňan Sils kölünde rekord synanyşygyny amala aşyrdy. Onuň rekord synagy 1 minut 54 sekunt dowam etdi. rekord synagynda Wenkle soňky 15 metr aralyk galýança 4 adam howpsuzlyk maksady bilen ýanynda boldy. Iň aşakdaky 15 metrde onuň ýanynda hiç kim bolmady. Mundan ozalky 50 metrlik rekord hem onuň özüne degişli eken. Ol rekord synanyşygy tamamlanandan soňra: “Özümi gowy duýdum, ähli zat meýilleşdirilişi ýaly dowam etdi. Rekord goýandygym sebäpli tolgunýan. Ozalkylara garaňda birneme ýuwaşdy, 1 minut 54 sekuntda tamamlandy. Sebäbini entek bilemok” – diýip belledi.
Deňiz derejesinde 1 müň 800 metr beýiklikdäki kölüň çuňlugy 71 metre barabar. Sils kölüniň ýüzünde 20 santimetrlik gar, aşagynda galyňlygy bolsa 35 metrlik buz gatlagynyň bardygy mälim edildi. Kölüň ýüzündäki suwuň temperaturasy 1 dereje, 50 metr çuňlukda bolsa, 4 derejedigi aýdyldy.