Kuwwatly awtoulaglaryny we uçar motorlaryny öndürmegi bilen tanalýan Angliýanyň “Rolls-Royce” kompaniýasy Aýda adamlaryň ýaşamagy we işlemegi üçin gerek bolan energiýany öndürjek bekedi işläp taýýarlaýar. Birleşen Patyşalygyň Kosmos Agentligi bu taslama üçin 2,9 million funt sterling maliýe goldawyny berýär. Kosmos agentligi kosmosdaky ähli işleriň aragatnaşyk, ýaşaýyş üçin goldaw we ylmy tejribeler üçin ulgamlaryna goldaw bermek üçin energiýa çeşmesiniň gereklidigini belleýär. Bu maksat bilen dörediljek kiçijik ýadro bekedi Aýyň ýüzündäki missiýalary uzak wagt dowam etdirmäge mümkinçilik berer. “Independent” neşiriniň habaryna görä, taslama şowly tamamlansa, geljekde Aýa aýak basjak astronawtlaryň döretjek ilatly nokadyny energiýa bilen üpjün etjek hakyky ýadro bekedi işe giriziler. “Rolls-Royce” kompaniýasy bolsa, mikrobekediň 2029-njy ýyla çenli taýýar boljakdygyny mälim edýär.
Birleşen Patyşalyk Ylym, innowasiýa we tehnologiýa ministrliginiň beýanatynda “Adamlaryň 50 ýyldan gowrak wagtdan soňra Aýa aýak basanyny görmäge taýýarlanýarys. “Rolls-Royce”-yň modulýar bekedi Aý bazasynda ulanylyp bilinjek energiýa çeşmeleriniň öňbaşçysy bolar. Şular ýaly tolgundyryjy barlaglary goldaýarys” – diýip bellenilýär.
NASA bolsa, 2026-njy ýylda astronawtlaryň Aýa täzeden aýak basmagyny üpjün etjek “Artemis” atly maksatnamany taýýarlaýar. Şeýle bolansoň, diňe amerikan däl, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hem kosmos pudagynda iş alyp barýan guramalary we kompaniýalary bu maksatnama üçin taýýarlyk görüp başlady.
Mundan ozal, ABŞ-nyň Energiýa ministrligi Aýyň we Marsyň üstünde ýadro bekedini gurmak üçin beketler gurmak isleýändiklerini mälim edipdi.