“Volkswagen” kompaniýasy “Golf” modeline meňzeşligi bilen ünsi çekýän täze “ID.2all” elektroulag nusgasyny köpçülige görkezdi. Ulagyň bahasynyň 25 müň ýewro boljakdygy bellenilýär. Bir gezekki zarýady bilen 450 kilometr ýol geçip biljek heçbek ulag nemes brendiniň geljek bäş ýylyň dowamynda batareýa önümçiligini hem öz içine alýan 180 milliard ýewrolyk maýa goýum taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Ykjam ulagyň 2025-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Kompaniýa 2026-njy ýyla çenli 10 sany “plug-in” modelini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
Dünýäniň iň köp elektroulag kompaniýasy bolan VW-iň işläp taýýarlan elektroulag platformalary “Audi”, “Skoda” we beýleki brendleriň ulaglarynda hem peýdalanylýar.
Täze ulag gysga wagtda zarýad berlip bilinmegi bilen hem tapawutlanar. Şeýle hem 2025-nji ýylda satuwa çykarylanda, kompaniýanyň iň arzan elektroulagy bolsa-da, bu rekord uzaga gitmez. Sebäbi, kompaniýa bahasy 20 müň ýewro bolan has arzan elektroulag öndürmegi hem maksat edinýändigini mälim edipdi. “Polo” modellerine meňzeş boljak ulagyň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.