Fransiýanyň çempionatynda öňdebaryjy PSŽ öz meýdançasynda “Rennden” 2-0 hasabynda asgyn geldi. “Renn” toparyna ýeňiş getiren gollary Toko-Ekambi bilen Kalimuendo geçirdi. Şunlukda, şu möwsümde 4-nji gezek utulan PSŽ öz meýdançasynda ilkinji sapar ýeňlişe sezewar boldy. PSŽ topary 35 oýundan (30 ýeňiş, 5 deňlik) soň öz meýdançasynda ilkinji gezek utulyp, olar soňky gezek 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde “Lillden” 1-0 ýeňlipdiler.