Alym­lar ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul ed­ýän Bü­tin­dün­ýä bagt­ly­lyk in­dek­si dün­ýä­niň iň bagt­ly ýurt­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Ga­raş­syz bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy we bi­ler­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­la­gy­nyň ne­ti­je­sin­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­di. Finl­ýan­di­ýa bu sa­naw­da al­tyn­jy ge­zek yz­ly-yzy­na bi­rin­ji bol­dy. Il­kin­ji on­luk­da­ky on ýur­duň se­ki­zi Ýew­ro­pa­da döw­let­le­ri­dir. Finl­ýan­di­ýa­dan soň­ra Da­ni­ýa, Is­lan­di­ýa, Ys­ra­ýyl, Ni­der­land­lar de­giş­li­lik­de, öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­di. Awst­ra­li­ýa 12-nji, ABŞ 15-nji bol­dy. Lit­wa il­kin­ji ge­zek 20-li­ge gir­di. Fran­si­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek 20-li­ge gi­rip bil­män, 21-nji or­na ýer­leş­di.
Bar­la­ga gat­na­şan­lar­dan özü­ni bagt­ly du­ýup duý­ma­ýan­dy­gy, yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy, jem­gy­ýet­çi­lik bi­lim­le­ri­ne de­giş­li kä­bir so­wal­la­ra be­ren jo­gap­la­ry­na gö­rä ne­ti­je çy­ka­ryl­dy.