Gazagystanyň iň uly partiýasy «Amanat» parlamentiň aşaky palatasy mažilisde köplüge eýe boldy. Bu barada Gazagystanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow mälim etdi. 19-njy martda mažilisiň (aşaky palata) we maslihatyň (ýerli dolandyryş edaralary) nobatdan daşary saýlawlary geçirildi. Deputatlar partiýa sanawlaryndan, şeýle-de bir mandatly saýlaw okruglaryndan saýlandylar.
Şeýlelikde, partiýa sanawlaryna görä, saýlawlara gatnaşýan ýedi partiýanyň altysy mažilisiň düzümine girýär. «Amanat» 53,9%, Halk demokratik watançylyk partiýasy «Auyl» 10,9%, Respublika 8,59%, Halk partiýasy 6,8%, «Ak Žol» demokratik partiýasy 8,41% we Milli sosial demokratik partiýa, 5,2% sese eýe bolýar.
Partiýalar 69 orun üçin dalaşgärlik etdiler. Merkezi saýlaw topary heniz olaryň paýlanyşy barada maglumat çap etmedi, ýöne kanuna laýyklykda, «Amanat»-yň saýlaw netijesi, takmynan, 40 orna bil baglamaga mümkinçilik berýär.
Bir agzaly mažoritar okruglarda aşaky palata üçin ýene 29 orun paýlanýar. Olar üçin partiýanyň wekilleri hem, öz-özüni hödürlän dalaşgärler hem göreşdi. Deslapky maglumatlara görä, «Amanat»-yň dalaşgärleri 23 okrugda ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen, «Amanat» partiýasy ynamly köplügi saklamaga mümkinçilik berjek 98 orundan 63-sini alyp biler. Merkezi saýlaw guramasynyň habaryna görä, saýlawlarda Gazagystanyň jemi 6,366,441 ýaşaýjysy ses berdi.