Uçuş bar­lag­la­ry­ny ge­çir­ýän “Skyt­rax” 2023-nji ýy­lyň iň go­wy ho­wa men­zil­le­ri­ni mä­lim et­di. Sa­naw­da Sin­ga­pu­ryň “Chan­gi” ae­ro­por­ty öň­de­li­gi eýe­le­di. Için­de be­ýik­li­gi 40 met­re ýet­ýän şag­la­wuk bo­lan ho­wa men­zi­li mun­dan ozal hem bir­nä­çe ge­zek awia­si­ýa baý­rak­la­ry­na my­na­syp bo­lup­dy. Ae­ro­port müş­de­ri­le­ri­ne hö­dür­le­ýän na­har hyz­ma­ty, dynç alyş ýer­le­ri bo­ýun­ça hem bi­rin­ji bol­dy. Ka­ta­ryň paý­tag­tyn­da­ky Ha­mad hal­ka­ra ae­ro­por­ty dün­ýä de­re­je­sin­de ikin­ji or­ny eýe­le­di. Do­ha­nyň ho­wa men­zi­li mun­dan ozal iki ýyl yz­ly-yzy­na bu sa­naw­da bi­rin­ji bo­lup­dy.
Üçün­ji or­ny Tok­ýo­nyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­li, dör­dün­ji ýe­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Inç­hon ae­ro­por­ty al­dy.
Pa­ri­žiň Şarl-de-Gol ae­ro­por­ty glo­bal de­re­je­de bä­şin­ji, Ýew­ro­pa­da bi­rin­ji bol­dy. “Skyt­rax” 2023-nji ýyl üçin tä­ze baý­ra­gy – Sun­gat ka­te­go­ri­ýa­sy­ny hem gi­riz­di. Bu baý­ra­ga Hýus­ton ae­ro­por­ty­na de­giş­li 2 ae­ro­port bo­lan Wil­li­am P. Hob­bi hem-de Jorj Buş yk­ly­ma­ra Hýus­ton ae­ro­por­ty my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da­ky baý­rak müş­de­ri­ler bi­len edi­len pi­kir so­raş­ma­nyň däl-de, emin ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan kes­git­len­di.
“Skyt­rax Bü­tin­dün­ýä ae­ro­port baý­rak­la­ry” dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän pi­kir so­ra­ly­şyk ne­ti­je­sin­de kes­git­len­ýär. Müş­de­ri­ler 550-den gow­rak ae­ro­por­ta ses ber­ýär­ler.

Gü­lä­lek Eýe­ber­di­ýe­wa, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.