Nýu-Ýork­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da “Dur­nuk­ly ösüş üçin suw: 2018 – 2028-nji ýyl­lar” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi 45 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň il­kin­ji ge­zek şeý­le mas­la­ha­ty gu­ra­dy­lar. Ga­ly­ber­se-de, bu me­se­le diý­seň mö­hüm bo­lup, 2050-nji ýy­la çen­li suw ýet­mez­çi­li­gi ýer ýü­zün­dä­ki 5 mil­liard ada­ma tä­sir edip bil­jek­di­gi çak­lan­ýar. Mas­la­ha­ta BMG-ä ag­za 198 ýur­duň ha­ta­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy.
Mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry de­re­je­li umu­my mej­li­sin­de Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­sy, pre­zi­dent ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­wa­ny­nyň ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat sy­ýa­sa­ty bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Sai­da Mir­zi­ýo­ýe­wa BMG-niň mün­be­rin­den Aral pa­jy­ga­sy­nyň ne­ti­je­le­ri, Öz­be­gis­tan ta­ra­pyn­dan ola­ry azalt­mak üçin al­nyp ba­ryl­ýan gi­ňiş­le­ýin iş­ler ba­ra­da çy­kyş et­di. “Bir wagt­lar ulu­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji orun­da dur­ýan Aral deň­zi­niň hä­zir­ki yk­ba­ly di­ňe bir ýur­du­my­zy däl, eý­sem tu­tuş hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hem gy­zyk­lan­dyr­ýar” di­ýip, ol bel­le­di. Şeý­le hem Sai­da Mir­zi­ýo­ýe­wa hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Öz­be­gis­ta­nyň suw me­se­le­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lan Aral deň­zi­niň pa­jy­ga­sy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len ed­ýän ta­gal­la­la­ry­na gol­daw ber­mä­ge ça­gy­ryş et­di.
Mas­la­hat­da hö­dür­le­nen “Aral Cul­tu­re Sum­mit” tas­la­ma­sy alym­la­ryň, bi­na­gär­le­riň, su­rat­keş­le­riň we di­zaý­ner­le­riň mil­li we hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni bir­leş­di­rer. Onuň çäk­le­rin­de se­bit­dä­ki ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­mak, ýaş­la­ryň ara­syn­da hü­när en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len bi­lim prog­ram­ma­la­ry­ny, alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry­ny we tej­ri­be iş­le­ri­ni gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tas­la­ma­nyň çä­gin­de bio­di­zaýn fer­ma-la­bo­ra­to­ri­ýa­sy gu­ra­lar. Bu ýer­de se­bi­ti suw bi­len üp­jün et­mek, ekin­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ri­lip, top­ra­gyň duz­lu­ly­gy­ny azalt­mak üçin teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­le­nip dü­zü­ler we kä­mil­leş­di­ri­ler.
– Bu kon­fe­ren­si­ýa gat­naş­mak bi­ziň ýur­du­my­za suw äti­ýaç­lyk­la­ry­ny do­lan­dyr­mak­da­ky me­se­le­le­ri we ga­za­ny­lan­la­ry paý­laş­ma­ga, beý­le­ki ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Men öz çy­ky­şym­da Aral deň­zi­niň eko­lo­gik me­se­le­le­ri bi­len gö­reş­de me­de­ni­ýe­tiň we dö­re­di­ji­li­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­dim. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çä­gin­de, giň ge­rim­li bi­lim we me­de­ni mak­sat­na­ma­la­ry öz içi­ne al­ýan “Aral Cul­tu­re Sum­mit” tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­dim. Öz­be­gis­tan ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän bu tas­la­ma Aral deň­zi­niň eko­lo­gik he­läk­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak we se­bi­tiň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­dy – di­ýip, Sai­da Mir­zi­ýo­ýe­wa mas­la­hat­dan soň gür­rüň ber­di.
-Aral deň­zi­niň me­se­le­si, adam­za­dyň daş­ky gur­şa­wa aýaw­syz çe­me­leş­me­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni ýat­lad­ýar. Şeý­le-de bol­sa, Aral se­bi­ti yh­las­ly yn­san­la­ryň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýe­ne-de umyt­la­ryň we tä­ze­le­ni­şiň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär – di­ýip Mir­zi­ýo­ýe­wa bel­le­di.
22-24-nji mart­da BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da suw äti­ýaç­lu­yk­la­ry­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­na­şyp, äh­lu­mu­my suw me­se­le­si bo­ýun­ça bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di.