Türkiýede geçiriljek prezident saýlawlaryna dört dalaşgär kabul edildi, olaryň arasynda ýurduň häzirki lideri Rejep Taýýip Erdogan bar. Bu barada Ýokary saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmet Ener habar berdi.
Erdogandan başga-da, Kemal Kylyçdaroglu, Muharrem Inje we Sinan Ogan döwlet baştutany wezipesine dalaşgär boldular. Komissiýa gol ýygnamak işleri gutarandan soň şeýle karara geldi.
Erdogan we Kylyçdaroglu parlament toparlary tarapyndan hödürlendi, şonuň üçin olara gol ýygnamak zerurlygy bolmady.
Türkiýede prezident we parlament saýlawlary 2023-nji ýylyň 14-nji maýynda geçiriler.
Belläp geçsek, mart aýynyň başynda Türkiýäniň Prezidenti 14-nji maýda umumy saýlawlary geçirmek baradaky karara gol çekdi. Geçen hepde Erdogan resmi taýdan respublikanyň prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürlendi.
Kylyçdaroglu we Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan öňde boljak saýlawlarda esasy bäsdeşlar bolar. Iň soňky jemgyýetçilik pikir soralyşygy Türkiýede geçiriljek prezident saýlawlarynyň iki tapgyrda geçirilip bilinjekdigini görkezýär. 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçirilen öňki prezident saýlawlarynda Erdogan 52,6% ses alyp, ýeňiş gazanypdy.