Elektron enjamlaryny öndüriji dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Apple” gabarasy tutuşlygyna aýnadan bolan telefon öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa aýna “iPhone”-yň hem-de “iPad”-iň patentini aldy.
Golaýda “Apple” düwmesiz “Macbook” kompýuteri üçin hem patent alypdy. Mundan başga-da “Android” enjamlarda bolşy ýaly tersine zarýad, ýagny bir elektron enjamyň beýleki birine zarýad bermegi üçin hem patent alypdy. Kompaniýanyň aýna gabaraly 20 görnüşli enjamy üçin patent alandygy mälim edildi.
Häzirki wagtda kompaniýa “iPhone” we “iPad” enjamlarynyň gabarasyny ozal ulanylan alýuminden öndürilip, onuň ýüzi aýna gatlagy bilen örtülýär. Emma täze patentde telefon gabarasynyň tutuşlygyna aýnadan bolmagy göz öňünde tutulypdyr.
Maglumatlara görä, “Apple”-iň inženerleri birden köp ýuka aýna gatlagy bir-birine berkidip, onuň çydamlylygyny artdyrypdyr. Elbetde munuň üçin aňrysy görünýän materialdan peýdalanylypdyr.
Kompaniýa elektron enjamlaryň gabarasyny aýnadan öndürmek üçin bir-iki ýyldan bäri iş alyp barýar.
Suraý Ýunusowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









