Häzirki wagtda ýolagçy uçarlary Ýewropadan Awstraliýa 20 sagada golaý wagtda ýetýärler. Käbir kompaniýalar uzak aralygy has çalt geçýän uçarlary işläp taýýarlaýarlar. Şweýsariýanyň «Destinus» kompaniýasy hem wodorod ýangyjy bilen işleýän uçary işläp taýýarlaýar. «Eiger» atly nusgalyk howa gämisi geçen ýyl ilkinji synag uçuşyny amala aşyrypdy. Ýokary tizlikli uçarlarda wodorodyň ýangyç hökmünde peýdalanylmagy bilen bagly taslama birnäçe kompaniýa, şeýle hem Ispaniýanyň Bilim ministrligi hem gatnaşýar. Taslamanyň umumy bahasy 12 million ýewro bolup, ony ispan kompaniýalary, tehnologiýa barlag merkezleri we ýokary okuw mekdepleri işläp taýýarlaýar. Bilermenler ýakynda wodorodyň howa gämilerinde ýangyç hökmünde ulanyljakdygyny we uçarlaryň sagatda 6 müň 100 kilometr uçup biljekdigini aýdýarlar.
Aýlar NURBERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









