«Stellantis» topary Alžirde awtoulag zawodyny gurmak üçin 200 million ýewrodan gowrak maýa goýum özleşdirer. Desgada dört sany «Fiat» modeli öndüriler. Merkezi edarasy Niderlandlarda ýerleşýän awtoulag kompaniýasy Afrikadaky maýa goýumlaryny artdyrýar. Kompaniýa golaýda alžirli müşderileri üçin «Fiat 500 Hybrid», «Fiat 500X», «Fiat Tipo», «Fiat Doblò», «Fiat Scudo» we «Fiat Ducato» atly ulaglaryny tanyşdyrdy.
Täze desga awgustda gurlup gutarylar. Ýylyň ahyryna çenli bolsa «Fiat 500»-iň önümçiligine başlanar.
2026-njy ýyla çenli zawodyň önümçilik kuwwaty ýyllyk 90 müň ulag bolup, bu ýerde iki müň iş orny dörediler.
Umida ROZMETOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









