2-nji aprelde Çernogoriýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryndan soň, öňki Ykdysadyýet ministri Ýakow Milatowiç ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen, indi ýurdy 1991-nji ýyldan bäri dolandyrýan ozalky Prezident Milo Jukanowiç ýolbaşçylyk etmez.
Çernogoriýanyň paýtagty Podgorisada ýerleşýän Gözegçilik we barlag merkeziniň habar bermegine görä, Milatowiç 60%-den gowrak sese eýe boldy. Milo Jukanowiç bolsa, bu saýlawlarda sesleriň 40%-ine eýe boldy. 37 ýaşly Milatowiç, sagçy “Ýewropa häzir” hereketiniň esaslandyryjy agzasy we ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işleýär. Milatowiçiň kampaniýa wadalarynda korrupsiýa garşy göreş, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we Çernogoriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna tarap hereket etmek ýaly wezipeler bar.
Saýlawlardan soň, Milo Jukanowiç ýeňilendigini boýun alyp, garşydaşyny ýeňşi bilen gutlady. “Çernogoriýada Prezident saýlawlary gutardy. Çernogoriýanyň halky öz Prezidentini saýlady we men oňa aýratyn hormat goýýaryn” – diýip, ozalky Prezident aýtdy. Saýlawçylaryň gatnaşyk, takmynan, 70%-e deň boldy.
Ýurduň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen ses bermek arkaly saýlanýar we bu iki möhletden köp bu wezipede galyp bilmeýär. Çernogoriýa parlament Respublikasy bolup, döwlet Baştutany, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Şeýle-de bolsa, ol Ministrler Kabinetini düzmekde we Premýer-ministri hödürlemekde möhüm rol oýnaýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Çernogoriýada 630 müňden gowrak adam ýaşaýar.