Bülent özüne bakyp duran adama biperwaý garady. Onuň elli ýaşla çalym edýän keşbi beýle kişä asla meňzemeýärdi. Eşikleri biraz könelişendigine garamazdan, tämizdi. Synasy sagdyndy. Bülent: ”Tut ýaly sagdyn, gaýratly işlemeli halyna dilegçilik edip ýör. Häli görüp otursaň, mendenem pulludyr bi” diýip, içinden pikir öwürdi. Onsuzam öz derdi özüne ýetik Bülent ýaňsyly äheňde garşydaşyndan sorady:
– Çörek puly gerekmi saňa?
– Ýok, maňa şokolad almaga pul gerek.
Bülendiň gahary geňgalyjylykly nazara öwrüldi. Ol: “Gör-le, muny! Ýaňsa almaga ökdeläp gideniň söz urşam başgaça-da” diýip, içini gepletdi.
– Çörek almaga pul tapyp bilmedik halyňa göwnüň şokolad isleýämi?!
– Ýok, biz çöregimiz bolmadyk ýagdaýynda käşirlije palaw iýýäs. Olam ýok bolsa, aç oňaýýas.
Bülent ýaşulynyň aýdýanlarynyň hakykatdygyna-da, ýaňsylamadygyna-da düşünip bilmedi.
– Onda, bu gün garnyňyz dok bolansoň, göwnüňiz süýji tagam küýsedimi?!
– Garybyň näme göwni bar, jenap, onda küýseg bolar ýaly. Bu gün aýalymyň doglan güni. Oňa şokolad eltesim geldi-de…
– Doglan günlerde tort alynýar dälmi?
– Ol diýýäniňiz barlylalara mahsus. Aýalym bilen otuz ýyl bäri ýaşaşyp ýörün. Bir gezegem tort eltip bilmedim, ýöne şokolad alýan. Aýalym şokolady gaty gowy görýär.
Ýaşulynyň aýdýanlary Bülendiň ünsüni çekdi.
Bülent agşam çaglary, aýaly bilen dawalaşyp, gapyny batly ýapyp gaýdypdy. Uzak ýola ugraýan ýodasy bilen deňiz kenaryna geldi. Deňiz azajygam bolsa, onuň kalbyna giňlik berdi. Tolkunlaryň sesi ony biraz köşeşdirdi. Ýaşuly bilen edilen gürrüňler onuň ünsüni sowdy.
– Jübiňde şokoladjagaz almaga-da pul ýokmy?
Bülendiň sowaly garşydaşynyň jübülerini çöwürmegine sebäp boldy. Kisesinden pasportdan başga zat çykmady.
– Men dilegçi däl, ýöne belli bir işiň başyny tutup bilemok. Potratçylyk edýän, nähili iş bolsa-da ediberýän.
Bülent oňa oturan oturgyjyndan ýer görkezdi.
– Oturyň, az-kem dertleşeliň?!
Ýaşuly çekine-çekine, ýygralyk bilen oturdy.
– Karz soramaga garyndaşyň ýa dostuň, iň bolmanda, goňşyň ýokmy seniň?
– Bar, jenap. Ýöne olaryňam gazananlary özlerine gerekdir-ä.
– Dilegçilik edip sowgat elter ýaly, aýalyňy şeýle söýýäňmi sen?!
– Ony söz bilen beýan edip bolmajak derejede söýýän. Aýalym meniň ömrümiň otuz ýylyny nurlandyryp gelýär-ä.
– Söýgi… Otuz ýyllyk söýgi. “Söýgüniň ömri üç ýyl” diýip eşidipdim men-ä. Sen weli, otuz ýylyň gürrüňini edýäň. Meni haýran galdyrdyň.
– Hawa, ýyllar geçdigiçe, ol meniň özüne bolan söýgimi has artdyrdy.
– Onda, aýtsaňyzlaň, bagtyň syry nämede? Görýän weli, siz “bagtyň hasabyny” tapana meňzeýäňiz.
– Men-ä, dogrusy, beýle hasaby-ha bilýän däldirin.
– “Hasap” diýsem, siz hasap sapagyndaky ýaly çylşyrymly hasapdyr öýtmäň. Ynha men aýalym bilen alty ýyl bäri ýaşaşyp ýörün. Söýşüp maşgala gurduk, ýöne men bagtly däl. Onuň bilen häli-şindi dawa-jenjel edişýäs. Ýaňy, iki sagat mundan öň öýümiň gapysyny batly ýapyp gaýtdym. Öýümiz, maşynymyz, işimiz, mahlasy, hemme zadymyz bar. Ýöne biz bagtly däl. Gör, seniň hiç zadyň ýok, ýöne sen bagtly adam. Ýa bizi şu ýagdaýa salan pulmuka?!
– Siz meniň hiç bir zadymyň ýokdugyny aýdýaňyz. Ýok, asla beýle däl, biziňem hemme zadymyz bar. Aýalym – meniň bar baýlygym, söýgülim, dostum, ömür ýoldaşym. Dünýede ömrüňi baglan ynsanyňdan gymmatly näme bolup biler?! Siziň: “Öý, maşyn, iş – hemme zadymyz bar” diýýäniňiz, aslynda, çyn söýginiň ýanynda hiç zadam däldir.
– Beýle diýmäň, aýalym şol baýlygyň içinde-de şikaýat edýär-ä. Garyp dagy bolan bolsam, kim bilýär, birmahal aýrylyşyp giderdi.
– Jenap, zenanlaryň ýagdaýyna düşünmeýän ekeniňiz. Hiç bir zenan hem kaşaň jaýda ýaşap, dürli-dümen iýeni bilen, bagtly bolup bilmez. Zenan adamsy üçin özüniň hemme zatdan belentdigini duýan halatynda bagtlydyr.
– Siziň bagtlydygyňyzyň syry şondamy?
– Bolup biler. Dogrusy, aýalyma gymmatbahaly zatlary sowgat berip bilemok. Ýöne meniň üçin nähili gymmatlydygyny oňa häli-şindi ýaňzydýan. Olam şonuň üçin özüni örän bagtly saýýar.
– Ony nähili başarýaňyz?
– “Eýjejik gyzjagazy” söýmek bilen.
– “Eýjejik gyzjagaz” diýýäniňiz kim?
– Näçe ýaşandygyna garamazdan, zenanlaryň içki dünýäsinde hemişe çagalygyna galjak “kiçijik gyzjagaz” ýaşaýar. Şol “gyzjagazy” näçe söýdügiňçe, söýgüledigiňçe zenanam bagtyýar bolýar.
– O nähili?!
– Oýlanyp görüň, çagalar nämäni halaýar, ylaýta-da, gyzjagazlar? Olar elmydama mylakatly bolmagyňy, özlerine üns berilmegini isleýändir. Olar eýjejikdiklerini eşitmäge döwtalap bolýarlar. Özlerine peri hökmünde garalmagyny isleýärler. Garaşylmadyk sowgat süýji arzuwlarynyň biridir. Söýülmek, söýülýändigini bilmek – olar üçin lezzetli, şeýle dälmi?!
– Dogry aýdýaň. Meniňem Aýlin atly dört ýaşlyja gyzym bar weli, agşamlaryna boýnuma böküp: “Kaka jan, meni gowy görýäňmi?” diýip soraýar. Täze lybas geýse dagy daşymdan aýlanar ýörer, eger üns bermesem: “Kaka, owadan bolupdyrynmy?” diýip sorar. Owadan gelşendigini aýdýan weli, göwni açylýar.
– Ine, zenanlar ömürboýy şu sözleri eşitmek isleýär. Men-ä elli ýaşly aýalyma-da şol sözleri aýdýan. Oňa “naşyjam ” diýip ýüzlenýän.
– Hiç hili dawa edip görmediňizmi?
– Dawa – maşgala durmuşynyň duzy, tagamy ýaly bir zat. Arasynda dawa edýän ýerlerimizem bolýar, ýöne öýkeleşip ýaraşmagyň lezzeti bir başgadyr. Aýalym örän özdiýenli. Onuň bilen ýaraşmak üçin edýän hereketlerimden lezzet alýan.
– Meniň gelnim bolsa, örän agras. Onuň içki dünýäsinde “gyzjagaz” bar-a meňzänog-a.
– Gyz maşgala ulaldygyça söýgini, ünsi talap etmäge ejap edýär. Isle agras bolsun, isle ýaşy durguşan bolsun, barybir olarda “kiçijik gyzjagaz” ýaşaýar. Mahlasy, şol “gyzjagazyň” göwnüni awlamagyň aladasyny et! Ony aldama, ýogsa, saňa bolan ynamyndan mahrum galarsyň. Onsoň ol seniň her bir hereketiňe şübhe bilen garar. Gyzjagazlar tiz şatlanyşlary ýaly, çaltam öýkeleýärler. Olar näzikdirler.
– Aýdanlaryňy hökman edip görerin, ýöne yzygiderli etjekdigime özüme ynamym ýok. Käwagt işlerim sebäpli öýe giç gelýän, üstesine-de ýadaw bolýan.
– Bu aýdýanlaryň bahana. Olary begendirmek kyn däl, köplenç birki sözüňem ýeterlik bolýar. Seniň ujypsyz hoş sözüň üçin ol saňa ummasyz zatlary bagyş eder. Rahatlygyň, dynç almagyň üçin alada eder. Aýaly betbagtyň özi bagtly bolup bilmez. Bagtly bolasyň gelýän bolsa, ilki aýalyňy bagtyýar etmeli. Pikirlenip gör, betbagt, zol-zol iňirdeýän adam bilen ýola çyksaň, ýol alyp bilermiň?!
– Sen mamla, ýöne menem maşgalam üçin işläp ýadaýan-da.
– Ýene pul, ýene beýleki sebäpler. Dogry, pul – möhüm serişde. Ýöne ol wagtlaýyn. Zenanlaryň sowgady halamaýany ýok, ýagdaýyň boldugyndan almaly, emma sowgat bilen olaryň bagtly bolaryna garaşmaly däl. Sowgadyňa söýgiňi gatmasaň, onuň manysy ýokdur. Meniň-ä ömrümde hiç haçanam köp mukdarda pulum bolmandy. Dürli ýerlerde günlükçi bolup işledim, şoňa görä-de ýaşadyk. Aç ýatan günlerimizem boldy. Dogry, aýalyma ysyrga alyp bilmedim, ýöne gulaklary söýgi sözlerimden gandy. Boýnuna zynjyr dakyp bilmesemem, posalarymy zynjyr edip dakdym – diýdi-de, ýaşuly ýerinden turdy.
– Rugsat berseň, men ýöräýin, aýalym alada eder. Senem indi öýüňe gaýt-da, “gyzjagazyň” göwnüni awla, belki-de, ol aglap oturandyr.
Bülent ýerinden turdy-da, ýaşulynyň elini mähirli gysdy.
– Siziň bilen tanyş bolanyma örän şat.
Bülent ýaşulynyň ellerini goýberdi-de, goltugyna girip, garşydaky tort dükanyny ümledi:
– Ýörüň, aýalyňyz üçin tort alalyň!
Ýaşuly ilkinji gezek aýalyna tort eltjekdigi üçin uçursyz begendi. Dükandan çykyp, öýüne tarap ýola düşdi. Bülent bolsa, aýalyna dürli görnüşli miweler aldy. Ol öýüne giren badyna aglamakdan gözleri çişip giden aýalynyň naharhanada suw içip oturanyny gördi. Bülent sesini çykarman miweleri ýuwdy-da, aýalynyň öňünde goýdy.
– Ynha, bular dünýäde bagty çüwen miweler.
Inji sesini çykarmady.
– “Näme üçin?” diýip sora-da!
Inji gaharly halda: “Näme üçin?” diýip sorady.
– Çünki, bu miweler dünýäniň iň gözel, iň mährem zenanynyň nesibesi.
Inji geň galdy. Şol birwagtyň özünde-de onuň öňki gazaply garaýşy biraz ýumşady.
– Bular seniň üçin! Seniň iň gowy görýän miweleriň.
– Meni geň galdyrdyň. Elmydama öz halaýan miweleriňi alýardyň, meniň haýsy miweleri halaýandygymy bilýän ekeniň-ä. Aslynda, senden garaşýan zatlarymyň biri hem şoldy. Ýöne indi bu sowgadyň meniň üçin ähmiýeti ýok. Çünki senden gaty gördüm. Alan miweleriň bilen öýkäm ýazylmaz.
– Göwnüňe degenim üçin bagyşla! – diýdi-de, Bülent dyzyna çökdi. – Men jeza çekmäge taýyn. Ýöne birje zat isleýän: meni ýanyp duran söýgiňden, saňa ýaranmakdan mahrum etme!
Boýny egik bolansoň, Bülendiň bolşy gülkünç görünýärdi.
Inji kikirdäp güldi:
– Bagyşlamak – ýeňil zat däl. Göreli bakaly, jezaňa çydarmykaň.
Bülent edil häzir aýalynyň hem içki dünýäsinde “eýjejik gyzjagazyň” ýaşaýandygyny duýdy. Mundan soň, durmuşynyň düýpgöter üýtgeşik boljakdygyna weli, berk ynandy.
Terjime eden Gurbanmyrat Meredow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.