Mundan 50 ýyl ozal, 1973-nji ýylyň 3-nji aprelinde el telefonyndan ilkinji gezek jaň edilipdi. Şol gün “Motorola” kompaniýasynyň inženeri Martin Kuper ilkinji el telefonyndan öz bäsdeşi, el telefonlaryny işläp düzüji “AT&T Bell Labs” kompaniýasynyň inženeri Joel Engelýua jaň edip, oňa özüniň el telefonyndan jaň edýändigini habar beripdi.
Şeýle aragatnaşygy ýola goýmak pikiri ilkinji gezek 1946-njy ýylda “AT&T Bell Labs” kompaniýasynyň hünärmenlerinde döräpdir. Emma ilkinji el telefony döretmegiň hötdesinden “Motorola” kompaniýasy gelipdir.
Ilkinji “Motorola DynaTAC” telefonyna el ýa-da jübi telefony diýip hem boljak däldi, çünki onuň agramy 1 kilogram bolup, ululygy 22 santimetr bolup kerpiji ýadyňa salýardy.
Ol gepleşilýän wagty 1 sagat işleýärdi, zarýad bermek üçin bolsa 10 sagatdan hem gowrak wagt gerekdi. Ekransyz enjamyň ikibaka hallaň atyp duran antennasy esasy zynatydy.
Onuň öň tarapynda 12 düwmesi bolup, olaryň 10-sy sanlar, ikisi bolsa, jaňyň başlangyjy hem-de tamamlanyşy üçin niýetlenendi. Eger-de söhbetdeşiň bilen jaň kesilse, jaň edýän onuň belgisine täzeden aýlamalydy.
Uly gabarasy hem-de agramyndan başga-da enjamyň bahasy 3 müň 500 dollara deň bolup, bu baha şu günki günüň iň gowy ýan telefonlarynyň bahasyndan hem ýokarydy.
Ilkinji jaňdan soň, ilkinji ýan telefonlarynyň kämilleşip, köpçülikleýin satuwa çykarylmagy üçin ýene-de 10 ýyl gerek boldy. Şeýle-de “Motorola” kompaniýasy enjamlary satuwa çykarmak üçin uzak wagtlap tehnologik meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy.