Ispaniýanyň Şa Kubogy (Copa del Rey) ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Ýarym finalyň jogap duşuşyklary geçirilip, “Osasuna” bilen “Real Madrid” finala atlaryny ýazdyrmagy başardylar. “Osasuna” myhmançylykda “Atletik” topary bilen 1-1 deňme-deň oýnady. Bilbaodaky oýunda ýer eýeleri Iniaki Williamsyň 33-nji minutdaky goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Goşmaça berlen 30 minut tamamlanyp barýarka, has takygy, 116-njy minutda Pablo Ibanýes duşuşykda hasaby deňledi. Bu deňlik 1-nji oýunda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Osasunanyň finala çykmagy üçin ýeterlik boldy. “Osasuna” topary 2004/05 möwsüminden soň 2-nji gezek finala çykdy. Olar şol finalda “Betisden” asgyn gelipdi.

“Osasunanyň” finaldaky garşydaşy ýurduň iň uly 2 klubunyň biri bolmalydy. 1-nji duşuşykda myhmançylykda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” öz meýdançasynda “Real Madridden” uly hasap bilen asgyn geldi. Çekeleşikli we juda dartgynly geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň iň soňky minutlarynda, has takygy, 45-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde Real Madrid Winisius Junioryň goly bilen öňe saýlandy. Madridliler 2-nji ýaryma-da gol bilen başladylar. 50-nji minutda Karim Benzema hasaby 2-0-a çykardy. Ol 58-nji minutda bellenen penaltini hem dürs urup, duşuşykdaky 2-nji goluny geçirdi. Duşuşygyň 81-nji minutynda het-trigi tamamlan Karim Benzema oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Real Madrid” 4-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 9 ýyldan soň Şa Kubogynda finala çykdy. “Real Madrid” “Barselonany” 1995-nji ýyldan soň ilkinji gezek, 1963-nji ýyldan soňam myhmançylykda ilkinji sapar 4 gol aratapawudy bilen ýeňmegi başardy. 1995-nji

60 ýyldan soň “Kamp Nouda” ilkinji het-trik

3 günde 2-nji het-trigini eden Benzema bolsa taryhy statistikalary täzelemegi başardy. Ol “El Klasikoda” 28 ýyldan soň het-trik eden ilkinji really futbolçy boldy. Soňky gezek 1995-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda 5-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Realyň” düzüminden Iwan Samorano “El Klasikoda” het-trik edipdi. Şeýle-de, Benzema “El Klasikoda” “Kamp Nouda” 60 ýyldan soň het-trik eden ilkinji really futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Benzemadan öň Ferens Puşkaş 1963-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda “El Klasikoda” “Kamp Nouda” “Realyň” 5-1 hasabynda ýeňen duşuşygynda het-trik edipdi.

Şa Kubogyny 19 gezek eýeläp, bu ugurda “Barselonadyr” (31) “Atletikden” (23) soň 3-nji orunda barýan “Real Madrid” 40-njy gezek finala çykdy. 20 gezek finala çykan “Real Madrid” bilen “Osasunanyň” arasyndaky final duşuşygy 6-njy maýda Sewilýadaky “La Cartuja” stadionynda oýnalar.