Saglyk – abatlyk

268

Dur­mu­şyň eş­re­ti­ni duý­mak, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak üçin, il­ki bi­len, jan sag­ly­gy­nyň ze­rur­dy­gy hem­mä aýan ha­ky­kat. Di­ňe sag­dyn adam dün­ýä­niň yn­sa­na eçil­ýän aja­ýyp­lyk­la­ry­ny do­ly de­re­je­de gö­rüp, eşi­dip, du­ýup ýa­şap bil­ýär. Adam ba­şy agy­ryp, bal­dy­ry syz­lan­da, bu baý­ly­gyň gym­ma­ty­na has oňat dü­şün­ýär.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy go­ra­mak­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär Şeý­le-de ýur­du­myz­da her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň 7-si­ne Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär. Sag­lyk jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len, döw­le­tiň ösüş­le­ri­niň esa­sy kes­git­leý­ji­si hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Adam­la­ryň dur­mu­şy gö­nü­den-gö­ni ola­ryň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Sag­lyk ba­ra­da ala­da edil­me­ýän ýe­ke­je döw­let hem bo­lan däl­dir. Sag­lyk ba­ra­da­ky ala­da öm­rüň ba­ra­da­ky ala­da­dyr. Türk­men­çi­lik­de sa­lam­la­şy­lan­da hem, il­kin­ji no­bat­da, sag­lyk-aman­lyk so­ra­şyl­ýar. Ir­den gör­şü­len­de hem «Sag-aman ör­dü­ňiz­mi?» diý­lip so­wal be­ril­ýär. Adam­la­ryň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da, jem­gy­ýet­de ze­nan maş­ga­la­la­ra, ça­ga­la­ra we gar­ta­şan adam­la­ra nä­hi­li ga­ral­ýan­dy­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ada­myň sag­ly­gy di­ňe bir onuň özü­niň däl-de, ýur­duň esa­sy gym­mat­ly­gy bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin ol hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ral­ma­ga de­giş­li­dir. Ine, şu ugur­da biz­de yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, ony ber­kit­mek me­se­le­si­ne döw­let de­re­je­sin­de üns be­ril­ýär. Türk­men top­ra­gy — gud­rat­ly ýer­le­re, şy­pa­ly köl­le­re, mel­hem­li me­kan­la­ra baý ül­ke. Ýur­du­myz te­bi­gy mi­ne­ral we şy­pa be­ri­ji pal­çyk çeş­me­le­ri­niň top­lu­my­na, bag zo­lak­la­ry bo­lan sa­gal­dyş, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş ugur­ly eda­ra­la­ra, yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­nyň top­lu­my­na eýe­dir. Türk­me­nis­tan­da şy­pa­ha­na işi­niň ta­ry­hy öz göz­ba­şy­ny ýüz­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak ul­ga­myn­da şy­pa­ha­na kö­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ada­myň dur­muş­da­ky iş­jeň or­nu­na we dö­re­di­ji­lik­li ta­gal­la­la­ry­na sag­lyk ýa­ly güýç ber­ýän baý­lyk ýok.

Ruh­sa­ra JU­MA­GEL­DI­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.