Durmuşyň eşretini duýmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, ilki bilen, jan saglygynyň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Diňe sagdyn adam dünýäniň ynsana eçilýän ajaýyplyklaryny doly derejede görüp, eşidip, duýup ýaşap bilýär. Adam başy agyryp, baldyry syzlanda, bu baýlygyň gymmatyna has oňat düşünýär.
Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygy goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär Şeýle-de ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň 7-sine Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, ýurduň esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin ol hemmetaraplaýyn goralmaga degişlidir. Ine, şu ugurda bizde ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde üns berilýär. Türkmen topragy — gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhemli mekanlara baý ülke. Ýurdumyz tebigy mineral we şypa beriji palçyk çeşmeleriniň toplumyna, bag zolaklary bolan sagaldyş, keselleriň öňüni alyş ugurly edaralara, ygtyýarlandyrylan şypahana hyzmatlarynyň toplumyna eýedir. Türkmenistanda şypahana işiniň taryhy öz gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýar. Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Adamyň durmuşdaky işjeň ornuna we döredijilikli tagallalaryna saglyk ýaly güýç berýän baýlyk ýok.
Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









