Hytaýda şu ýylyň ilkinji iki aýynda batareýa önümçiliginiň artandygy mälim edildi. Ýurtda elektroulag önümçiliginiň artmagy bilen batareýalara bolan isleg hem ýokarlandy. Ýanwar-fewral aýlarynda ýurtda elektroulag batareýalary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,3 göterim köp öndürilipdir. “China Automotive Battery Innovation Alliance”-iň maglumatlaryna görä, degişli döwürde ýurtda öndürilýän batareýalaryň energiýa mümkinçiligi ozalky ýyla garaňda 30,5 göterim we ozalky aýa garaňda 47,1 göterim artyp, 41,5 gigawat/sagat bolupdyr. Bu bolsa, has kuwwatly batareýalaryň öndürilýändigini görkezýär.
Berlen maglumata görä, ýurtdaky batareýa zawodlarynyň önümçilik kuwwaty hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden 60,4 artypdyr.
Ýurtda elektroulag satuwynyň artýandygy hem habar berildi. Diňe fewral aýynda 439 müň elektroulag satylypdyr. Bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 61 göterim köpdügi mälim edildi.
Maýagözel Atabaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









