Batareýa önümçiligi artdy

68

Hy­taý­da şu ýy­lyň il­kin­ji iki aýyn­da ba­ta­re­ýa önüm­çi­li­gi­niň ar­tan­dy­gy mä­lim edil­di. Ýurt­da elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gy bi­len ba­ta­re­ýa­la­ra bo­lan is­leg hem ýo­kar­lan­dy. Ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýurt­da elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 13,3 gö­te­rim köp ön­dü­ri­lip­dir. “Chi­na Au­to­mo­tive Bat­te­ry In­novation Al­li­ance”-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, de­giş­li dö­wür­de ýurt­da ön­dü­ril­ýän ba­ta­re­ýa­la­ryň ener­gi­ýa müm­kin­çi­li­gi ozal­ky ýy­la ga­raň­da 30,5 gö­te­rim we ozal­ky aýa ga­raň­da 47,1 gö­te­rim ar­typ, 41,5 gi­ga­wat/sa­gat bo­lup­dyr. Bu bol­sa, has kuw­wat­ly ba­ta­re­ýa­la­ryň ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, ýurt­da­ky ba­ta­re­ýa za­wod­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty hem ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 60,4 ar­typ­dyr.
Ýurt­da elekt­rou­lag sa­tu­wy­nyň art­ýan­dy­gy hem ha­bar be­ril­di. Di­ňe few­ral aýyn­da 439 müň elekt­rou­lag sa­ty­lyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 61 gö­te­rim köp­dü­gi mä­lim edil­di.

Ma­ýa­gö­zel Ata­ba­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.