Elektron enjamlaryň we beýleki harytlaryň önümçiliginde Aziýa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Soňky ýyllarda bu ugurda Wýetnam has uly gazanýar. Ýurt, esasan, ABŞ bazary üçin has köp sargyt kabul edip başlady. Bu ýagdaý pandemiýa döwründe has hem artdy. Mundan Hytaýdaky üpjünçilik “zynjyrynyň” döwülmeginiň täsiri hem boldy.
Bilermenler bu ýurtda onlaýn söwda ulgamynyň hem barha ösýändigini belleýärler. Internet aragatnaşygynyň ösmegi netijesinde, onlaýn söwdanyň bazary 2025-nji ýyla çenli 32 milliard dollara ýetjekdigi çaklanylýar. «Lazada» elektron söwda platformasy Wýetnamyň iň uly onlaýn bölek söwda platformasy hasaplanýar. Kompaniýanyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, elektron bölek söwda ösüşini dowam etdirer. Ýene-de iki ýylda ýurduň elektron söwda bazary sanly ykdysadyýetiň 65 göterimini emele getirer.
«Metric.vn» seljerme platformasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Wýetnamda «Shopee», «Lazada», «Tiki» we «Sendo» ýaly onlaýn söwdany amala aşyrýan platformalar has köp girdeji gazanypdyrlar.
Soňky ýyllarda diňe Wýetnamda däl, eýsem dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly onlaýn söwda pudagy uly ösüş gazanýar. Pandemiýa döwründe adamlaryň gerekli harytlaryny öýlerinden sargyt etmekleri bu ugruň kämilleşmegine getirdi.
Bahar Agamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









