Onlaýn söwda bazary 32 milliard dollara ýeter

191

Elekt­ron en­jam­la­ryň we beý­le­ki ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gin­de Azi­ýa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da Wýet­nam has uly ga­zan­ýar. Ýurt, esa­san, ABŞ ba­za­ry üçin has köp sar­gyt ka­bul edip baş­la­dy. Bu ýag­daý pan­de­mi­ýa döw­rün­de has hem art­dy. Mun­dan Hy­taý­da­ky üp­jün­çi­lik “zyn­jy­ry­nyň” dö­wül­me­gi­niň tä­si­ri hem bol­dy.
Bi­ler­men­ler bu ýurt­da on­laýn söw­da ul­ga­my­nyň hem bar­ha ös­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, on­laýn söw­da­nyň ba­za­ry 2025-nji ýy­la çen­li 32 mil­liard dol­la­ra ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. «La­za­da» elekt­ron söw­da plat­for­ma­sy Wýet­na­myň iň uly on­laýn bö­lek söw­da plat­for­ma­sy ha­sap­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň bi­ler­men­le­ri­niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, elekt­ron bö­lek söw­da ösü­şi­ni do­wam et­di­rer. Ýe­ne-de iki ýyl­da ýur­duň elekt­ron söw­da ba­za­ry san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň 65 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rer.
«Met­ric.vn» sel­jer­me plat­for­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl Wýet­nam­da «Sho­pee», «La­za­da», «Ti­ki» we «Sen­do» ýa­ly on­laýn söw­da­ny ama­la aşyr­ýan plat­for­ma­lar has köp gir­de­ji ga­za­nyp­dyr­lar.
Soň­ky ýyl­lar­da di­ňe Wýet­nam­da däl, eý­sem dün­ýä­niň äh­li ýur­dun­da di­ýen ýa­ly on­laýn söw­da pu­da­gy uly ösüş ga­zan­ýar. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de adam­la­ryň ge­rek­li ha­ryt­la­ry­ny öý­le­rin­den sar­gyt et­mek­le­ri bu ug­ruň kä­mil­leş­me­gi­ne ge­tir­di.

Ba­har Aga­my­ra­do­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.