UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşygynda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Bawariýanyň” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda Pep Guardiolanyň häzirki kluby ozalky klubuny 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy. “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary 28-nji minutda owadan urgy bilen Rodri, 70-nji minutda Holannyň pasyndan soň Bernardo Silwa hem-de76-njy minutda Stounsyň pasy bilen Erling Holann derwezä girizdi. Topa eýeçilik etmekde 44,6 göterim bilen pes netije görkezendigine garamazdan “Mançester Siti” güýçli garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy. Şu möwsümde bu ýaryşda ilkinji gezek utulan “Bawariýanyň” 2017-nji ýyldan bäri iň uly hasaply ilkinji ýeňlişi boldy. Toparynyň 3-nji goluny geçiren Erling Holannyň ähli ýaryşlary hasaba alanyňdaky şu möwsümdäki gollarynyň sany 45-e ýetdi. Ol bu görkeziji ýeten ilkinji “Premier Liga” futbolçysy hökmünde hasaba alyndy. “Mançester Siti” Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda 25 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we bu görkeziji iňlis klublarynyň arasynda rekorda deňdir. “Bawariýa” “Etihad” stadionynda Pep Guardiola garşy 55,4 göterimlik topa eýeçilik eden ilkinji klub boldy.