Ispaniýada Gün we ýel beketlerinden alnan arassa energiýa bilen «Ýaşyl» wodorod öndürmek üçin iri taslamalar durmuşa geçirilip başlandy. Maglumatlara görä, Ispaniýada howa ýylda ortaça 2500 sagatdan gowrak güneşli bolýar. Bu bolsa ýel we Gün energiýasyny ulanmak hem-de «ýaşyl» wodorod öndürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Halkara Energetika Agentligi (IEA) geçen ýyl Ispaniýanyň wodorod öndürmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa mümkinçiliginiň Ýewropanyň ýarysyny emele getirip biljekdigini mälim edipdi.
Sebitde häzirki wagtda wodorodyň aglaba bölegi gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden hem-de ýel, Gün we beýleki täzelenip bilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýär.