Hindistandaky önümçiligini artdyrdy

65

“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy 31-nji mart­da ta­mam­la­nan 2022-2023-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da Hin­dis­tan­da­ky “iP­ho­ne” önüm­çi­li­gi­ni üç es­se art­dy­ryp­dyr.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da “App­le” “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­nyň 7 gö­te­ri­mi­ni bu ýurt­da ön­dür­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 2021-nji ýyl­da ba­ry-ýo­gy 1 gö­te­rim bo­lup­dyr. Ösü­şiň art­ma­gy, “App­le” bi­len Taý­wa­nyň “Foxconn” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we “Pe­gat­ron” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk şert­na­ma­la­ry bag­la­şy­lan­dan, şeý­le hem kom­pa­ni­ýa smart­fon önüm­çi­li­gi­niň bir bö­le­gi­ni Hy­taý­dan Hin­dis­ta­na ge­çi­ren­den soň ga­za­nyl­dy.
“App­le” ýa­kyn gel­jek­de De­li we Mum­baý şö­her­le­rin­de il­kin­ji dü­kan­la­ry­ny aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
“App­le” in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri Hin­dis­tan­da önüm­çi­li­gi­ni ös­dür­ýär. Hin­dis­tan­da ön­dü­ril­ýän en­jam­lar di­ňe içer­ki ba­za­ra goý­be­ril­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­nyñ dört­den bir bö­le­gi­niñ Hin­dis­tan­da ýyg­nal­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Gur­ban­sol­tan An­na­my­ra­do­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.