Walensiýanyň (Ispaniýa) häkimiýetleri dört günlük iş hepdesini ýola goýmak maksady bilen synaga başladylar. Bu barada şäher häkimligi habar berdi.
Metbugat üçin beýanatda “Walensiýa dünýäde bir aýlap 32 sagatlyk iş meýilnamasyny synagdan geçiren ilkinji şäher bolar” diýlip bellenilýär. Dynç güni diýlip yglan edilen duşenbe günleriniň ählisi Walensiýa şäherinde baýramçylyk günlerine gabat gelýär.
Synagyň dowamynda has gysga iş hepdesiniň ýerli ýaşaýjylaryň saglygyna, abadançylygyna, daşky gurşawa we ykdysadyýete täsirini öwrenmekçi bolýarlar. Esasan hem, söwda, syýahatçylyk we dynç alyş ýaly ugurlara nähili täsir etjekdigini seljererler. Netijeleriň iýul aýynda hödürlenmegine garaşylýar.