Germaniýanyň BMW kompaniýasy “Angell Mobility” atly welosiped öndüriji şereket bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Mini Electric Bicycles” atly welosipedleri satuwa çykarar. Fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli görnüşli welosipedler öndüriler. Awtoulag önümçiligi bilen tanalýan hem bolsa, BMW-niň kuwwatly motosiklleri öndürýändigi hem bellärliklidir. Kompaniýanyň “Motorrad” ady bilen öndürýän iki tigirli ulaglary ýokary islegden peýdalanýar.
Indi bolsa kompaniýa iki tigirli ulaglaryň has kiçisini öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň öndürjek elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleri “Mini” brendi bilen satuwa çykarylar. Nemes kompaniýasynyň garamagyndaky “Mini” elektroulaglaryna islegiň ýokary bolmagy welosipede hem şeýle at bermäge sebäp bolupdyr. Golaýda bu ulagyň “Mini Cooper EV SE” atly täze görnüşi hem satuwa çykarylar.
Ilkinji nobatda, ýewropaly müşderilere ýetiriljek welosipedleriň satuwa hödürlenýän çygry giňeldiler.
Rahman Baýramow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









