ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň prezidentlige resmi taýdan dalaşgär hödürlejek konferensiýasy 2024-nji ýylyň 19-22-nji awgustynda Çikagoda geçiriler. Bu barada “Chicago Sun-Times” gazeti ýazýar. Neşir Ak tamyň bu meýilnamalar barada şäher häkimligine habar berendigini belleýär.
Respublikan we Demokratik partiýalar, adatça, saýlawdan öň tomusda prezidentlige dalaşgär yglan ediljek konferensiýalaryny geçirýärler. Düzgün bolşy ýaly, dalaşgär deslapky saýlawlaryň netijeleri bilen kesgitlenip, birnäçe güýçli dalaşgär saýlawlaryň netijesinde, takmynan, şol bir mukdarda saýlaw sesini alsa-da, konferensiýa gatnaşyjylaryň sesi aýgytly rol oýnap biler.
Ondan öň, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak isleýändigini birnäçe gezek mälim edipdi, emma şu wagta çenli dalaşgärliginiň resmi hödürlenmegini yza süýşürdi.