12-13-nji aprelde Hindistanyň Mumbaý şäherinde “Merkezi Aziýa-Hindistan” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Çabahar porty boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleri derejesindäki isçi toparynyň birinji duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Hindistanyň we Eýranyñ Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ulgamynyñ wekilleri we Hindistandaky Ilçileri, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy boýunça Owganystandaky wekili we Owganystanyň Mumbaýdaky baş konsuly gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler Çabahar portunyň mümkinçiliklerini, onuň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň hem-de Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny, Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem Owganystana ynsanperwer kömegini eltmekde aýratyn ornuny bellediler.
Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ulag ulgamynda ýurdumyzda we halkara derejesinde alnyp barylýan işler we taslamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Ýurdymyzyñ başlangyjy bilen ulag ulgamy boýunça geçirilen halkara maslahatlar we beýleki çäreler barada, şeýle hem olaryñ netijeleri boýunça kabul edilen BMG-nin Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň ähmiýetini belledi.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşýan taraplar şu ýylyň maýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatynyň we serginiň işine gatnaşmaga çagyryldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça Bilelikdäki jarnama kabul edildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Çabahar porty boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleri derejesindäki...