Germaniýanyň “Bayerische Motoren Werke AG” (BMW) awtoulag öndürijisi ýanwar – mart aýlarynda 64 müň 647 elektromobil satdy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83% köpdür diýlip, kompaniýanyň metbugat üçin beýanatynda mälim edilýär.
Görkeziji BMW, “Mini” we “Rolls-Royce” brendleriniň ulaglaryny öz içine alýar. BMW brendiniň elektromobil satuwy iki esseden gowrak (112%) ýokarlanyp, 55 müň 979 birlige ýetdi.
BMW-niň düzümine girýän üç brendiň bilelikdäki awtomobil satuwy birinji çärýekde 1,5% azalyp, 588 138 birlik boldy. Häzir kompaniýanyň ýolbaşçylygy 2023-nji ýylyň jemi boýunça satuwlaryň birneme ýokarlanmagyna garaşýar.