Koronawirus pandemiýasy döwründe Ýaponiýada adamlar nädip ýylgyrmalydygyny ýatdan çykardylar. Bu ussatlygy dikeltmek üçin ýurtda ýörite kurslar peýda boldy.
Ýaponiýada üç ýylyň dowamynda agyz-burun örtügi düzgüni güýje girdi. Ýakynda bu düzgün ýatyryldy, ýöne her kim adaty durmuşyna aňsatlyk bilen dolanyp bilmedi. Şeýlelik bilen, köp adam ýylgyrmagy ýatdan çykardy.
Ýaponiýaly bir zenan watandaşlaryna durmuşdan lezzet almaga kömek etmek maksady bilen ýylgyryş mekdebini açdy. Bu kurslara eýýäm 4 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu maksatnama, esasan, 45 minutlyk güýçli depginli maşklary öz içine alýar. Kömekçi gural hökmünde bolsa ýüz görülýän aýna ulanylýar.
Ýylgyryşda 53 myşsa bar. Hünärmenler 19 dürli ýylgyryşyň sanawyny görkezýärler. Geçirilen barlaglar, ýylgyrmagyň durmuşda has uly üstünlik gazanmaga kömek edýändigini we bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýändigini görkezdi. Mundan öň gowy uky üçin ýylgyrmagyň peýdalary ýüze çykaryldy. Ýylgyryş alada duýgusyny peseldip, ýadawlykdan dynmaga kömek edýär.