Mirasdüşer Şazada we Premýer ministr Muhammed ben Salman Saud Arabystanynda dört sany ýörite ykdysady zolagy açdy. Bu barada “Saud metbugat agentligi” habar berdi.
-Saud Arabystany telekeçilik üçin açyk we dünýäniň dürli künjeginden gelen maýadarlary biziň hödürleýän mümkinçiliklerimizi öz gözleri bilen görmekleri üçin garşy alýar. Şu gün işe girizilen täze ýörite ykdysady zolaklar ýurtda telekeçiligi ýöretmäge, on müňlerçe iş orunlaryny döretmäge we milliardlarça rial girdeji getirmäge düýpli täsirini ýetirer – diýip, ben Salman Al Saud ýörite ykdysady zolaklaryň açylyşynda mälim etdi.
Er-Riýadyň eteginde, Jizanda, port şäheri Ras-el-Haýrda we Jiddadaky Patyşa Abdylla adyndaky ykdysady şäherjikde boljak daşary ýurtlularyň şereketlerine 100 göterim gözegçilik edip biljekdigi, şeýle-de, korporatiw salgydyň bäsleşige ukyply stawkalaryna we import üçin gümrük paçlaryndan boşadylmagyna kepilligi bellenilýär.
Mundan başga-da, daşary ýurt kompaniýalary önümçilik we çig mal üçin zerur ätiýaçlyklar bilen üpjün ediler.