14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz metjide geldiler we Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz sadakanyň berilýän jaýyna barýarlar.
Nahar çekilmezden öň, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlendi.
Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, şu gün halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, mukaddes Remezan aýynda belli gün agzaçar sadakasyny berýäris diýip belledi. Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Käbäm ejemde hemme enelere mahsus ýagşy gylyk-häsiýetler jemlenipdi. Ene mähri, ene mukaddesligi tutuş dünýäni saklap duran güýçdür diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Her bir adamy zähmet taplaýar. Ejem ömrüň manysyny zähmeti söýmekde, halal ýaşamakda görerdi. Kakam Mälikguly aga bilen bilelikde ol biziň mynasyp adamlar bolup ýetişmegimiz üçin kän tagalla etdi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökmany öz ornuny tapýar. Olar bizi şeýdip ulaltdylar. Türkmençilik däp-dessurlary barada köp adamlar ejeme geňeş salardylar. Arassaçylyk, zähmetsöýerlik onuň öz perzentlerinden hem edýän esasy talabydy. Ol kitaplary, hatda gündelik gazet-žurnallary okamaga hem wagt tapýardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Kakamdyr ejemiň beren edep-terbiýesi maňa durmuş ýolunda hemişe medet berip geldi. Men ejem bilen bagly ýatlamalarymy kitaplarymda hem paýlaşypdym. Onuň ýönekeýligi, sadalygy hemmämize nusgady. Ol durmuş ýoluny mertlik bilen geçip, nesillerine görelde bolmagy başardy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz gürrüňini dowam edip, mähriban käbesiniň çagalyk döwrüniň uruş ýyllaryna gabat gelendigini belledi. Şol döwrüň çagalary açlygy gördüler. Şondan soň bolup geçen Aşgabat ýertitremesi uly betbagtçylyklary getirdi. Ýöne durmuş ýolunda nähili kynçylyklar dörese-de, olar muny mertlik we gaýduwsyzlyk bilen ýeňip geçmegi başardylar. Şeýlelikde, olaryň agyr ýyllarda mertlik bilen geçen durmuş ýoly geljekki nesillere nusga boldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri käbesi baradaky ýatlamalaryndan gürrüň berdi.
Maşgalamyzda el hünäri türkmençiligiň bozulmaz kadasyna öwrülipdi. Ol öz el işlerine söýgüsini, mähirdir yhlasyny siňdirerdi. Biz milliligimizi gorap saklap, bu ýoly hemişe dowam etdirmelidiris. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz atadan — ogullara, eneden — gyzlara geçmelidir. Dowamat-dowam bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.
Her bir enäniň esasy maksady — perzendini edep-terbiýeli ösdürip ýetişdirmek, ony ile goşmak. Şoňa görä-de, adam üçin ata-enesini razy etmekden, olaryň ynamyny ödemekden uly bagt ýokdur. Adam ömrüniň iň gymmatly günleri eneli-ataly pursatlarydyr, olar bilen bilelikde geçiren günleridir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Käbäm Ogulabat eje hem, kakam Mälikguly aga ýaly, mukaddes Remezan aýynda Hakyň rehmetine gowuşdy. Bu ýagdaý Biribaryň ýalkawyndan nyşan hasaplanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Maşgala ojagyna wepadarlygyň, mähribanlygyň nusgasyny görkezen ejem Ogulabat ejäni hatyralap berilýän sadaka, okalýan aýat-töwirler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Käbämiň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!” diýip belledi.
Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.
Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban ejesi we Arkadagly Serdarymyzyň eziz enesi, Watanymyzyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.
* * *
Şeýle hem şol gün paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi. Bu sadakalar mähriban halkymyzyň mukaddes Oraza aýy bilen bagly asyrlar aşyp gelýän asylly däbiň dowamy bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi hem-de Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sadakalardan soň, metjitlerde tarawa namazy okaldy.