Dürli elektron enjamlaryny öndürýän «Foxconn» kompaniýasy elektroulag önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. «Apple» kompaniýasynyň mobil enjamlaryny we kompýuterlerini öndürip berýän kompaniýanyň elektroulag öndürmegi meýilleşdirýändigi köpden bäri aýdylýardy. Tehnologiýa ägirdi geljek üç ýylyň dowamynda Taýwanyň günortasyndaky täze önümçilik desgasyna maýa goýum goýar. Şeýlelikde, Gaosýun şäherindäki desgada elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslar we elektroulag batareýalary öndüriler.
Kompaniýa 2020-nji ýylda elektroulag platformasyny döretmek üçin konsorsium döredipdi. Bu konsorsium elektroulaglar üçin işlenip taýýarlanan ülňüleriň hemmeler üçin elýeterli edilmegini we ulagyň bahasynyň arzanladylmagyny maksat edinýär.
Umyt BERDILIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









